- ýarym
- [ýa:rym]Bütewi bir zadyň deň ýarysy, bir zadyň deň ikiden bir bölegi, ýarpy.∙ Awgustyň ikinji ýarymydy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ol ýarym sagat garaşandan soň oglanlaryň hemmesi ýygnandylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Bagt barha ýarym gijä golaýlap, sagat dili soňky öwrümine başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ýarym güne ýaryş ýok. (Nakyl)◊ ýarym aç — seret aç∙ Daýhanlar ýarym aç halda ýaşapdyrlar. (Gadymy Dünýä Taryhy)◊ ýarym ada — seret ada∙ Çeleken ýarym adasy.∙ Balkan ýarym adasy.◊ ýarym adam — seret adam◊ ýarym ýalaňaç — seret ýalaňaç∙ Olaryň hemmesi üflis egin-eşikli, köpüsi bolsa ýarym ýalaňaçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ ýarym-ýaş bolmak — seret ýaş 1∙ Jan gelnim, jan gelin, oglum gelýänça agtygymy eltjek bolma! -- diýip, ýarym-ýaş bolup, gelniniň aýagyna ýykyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.